Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AMANMY? BALAM   SENI HEMRAHYM MEKANYM ÝARA  ÝETIR
AÝRYLDYŇ ESERLI GÖZÜŇDEN JENANYŇ  GELDI
AÝAN  BOLMASA GARDAŞYM NÄ  HYÝALDADYR? ÝAR DERDIŇDEN

ÝAR DERDIŇDEN


Eý ýaranlar, musulmanlar!

Sepil oldum ýar derdidden.

Yşk oduna ýana-ýana,

Köýer boldum ýar derdinden.


Gijeler mende takat ýok,

Gündiz mende rahat ýok,

Mundan artyk muşakgat ýok,

Näzli ýar, seniň derdiňden.


Gaýry watan tutar boldum,

Gara gaýlar ýutar boldum,

Bimar bolup ýatar boldum,

Ýanar boldum ýar derdinden.


Bu ne hesret, bu ne mähnet,

Çeker men dürli melamat,

Bu ne dert, bu ne külpet,

Näzli ýar, seniň derdiňden.


Adym  peri Hüýrlukgadyr,

Pany dünýä  bibakydyr,

Çekdigim   jebri-jepadyr,

Ýanar boldum ýar derdiňden.