Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AMANMY? BALAM   SENI HEMRAHYM MEKANYM ÝARA  ÝETIR
AÝRYLDYŇ ESERLI GÖZÜŇDEN JENANYŇ  GELDI
AÝAN  BOLMASA GARDAŞYM NÄ  HYÝALDADYR? ÝAR DERDIŇDEN

ÝARA  ÝETIR


Bady-saba, salamymny,   

Huýrlukga jana ýetir!

Meniň arzy-peýamymny,

Şol gözi mestana ýetir!


Gözel  ýara bolsam  nöker,

Azym eýlese, ganym deker,

Agzy-pisse, lebi — şeker,

Dişleri dürdänä ýetir!


Merdana tutgun özüňni,

Gam bilen saralt ýüzüňni,

Taňry üçin bu sözümni,

Ol gaşy  kemana ýetir!


Ýar meni eýledi hasta,

Bilbilem, galdym  kapasda.

Ýete bilmen söwer dosta,

Arzymy janana ýetir!


Meni ugratdy bu derde,

Bolaýyn oňa men bende,

Lebi şeker, agzy ganda,

Gunçaly  handana ýetir!


Hemra  diýerler adyma,

Meniň bu arzy-dadymy,

Şamu-säher perýadymy,

Huýrlukga jana ýetir!