Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AMANMY? BALAM   SENI HEMRAHYM MEKANYM ÝARA  ÝETIR
AÝRYLDYŇ ESERLI GÖZÜŇDEN JENANYŇ  GELDI
AÝAN  BOLMASA GARDAŞYM NÄ  HYÝALDADYR? ÝAR DERDIŇDEN

NÄ  HYÝALDADYR?


Meniň köňlüm budur: saňa gul bolsam,

Seniň köňlüň nädir, nä hyýaldadyr?

Ýol ýöräňde, aýagyňa ýol bolsam,

Seniň köňlüň nädir, nä hyýaldadyr?


Alys ýerden geldim saňa gaýbana,

Hesretiňden boldum däli-diwana,

Meniň köňlüm — ak gujaga girmäge,

Seniň köňlüň nädir, nä hyýaldadyr?


Gaýybandan geldim, seni dost diýip,

Sen gelmeseň, çykar janym gyssanyp,

Menin, köňlüm — ak bilegiň ýassnyp,

Seniň keňlüň nädir, nä hyýaldndyr?


Düýşümde bir käse içdim golundan,

Başym kesseň hergiz gaýtman ýoluňdan!

Menin, köňlüm — guçsam inçe bilinden,

Seniň köňlüň nädir, nä hyýaldadyr?


Aşyk Hemra aýdar, geldim  men dada,

Geleý diýsem, rakyp goýmaz arada,

Seniň bilen etsek maksat-myrada,

Seniň köňlün nädir, nä hyýaldadyr?