Men söýmüşem ziba Senem adyňy,
										Söýsem, öldürerler, söýmesem ölem
										Ile meşhur bolan asyl zatyňy,    ,;
										Diýsem, öldürerler, diýmesem, ölem.
										
										
										Gurban olam  ýaryň  kaddy-boýuna,
										Hoşwagt olam onuň eýlän toýuna:
										Her dem hylwat eýläp, barsam öýüne,
										Barsam, öldürerler, barmasam, ölem.
										
										
										Näzu-gamzaň ýanar humar gözüňden,
										Gurban olam şähti-şeker sözüňden,
										Gähi ýaňagyňdan, gähi ýüzüňden,
										Öpsem, öldürerler, öpmesem, ölem.
										
										
										Men seni söýmüşem jan bilen dilden,
										Sen meni söýmäge gorkar sen ilden;
										Hytaýy  barmakdan, hynaly  goldan
										Tutsam, öldürerler, tutmasam, ölem.
										
										
										Bir hylwatda tutsam ýaryň goluny,
										Gujaklasam onyň inçe bilini,
										Agzyma salyban şirin dilini,
										Sorsam, öldürerler, sormasam, ölem.
										
										
										Men togap eder men aýak tozlaryň,
										Tarypyn edermen şeýda gyzlaryň,
										Gaýmak dodaklaryň,  bal  agyzlaryň,
										Emsem, öldürerler, emmesem, ölem.
										
										
										Geliň, gulak salyň ýaryň oýnuna,
										Tylla  heýkel dakynypdyr boýnuna,
										Goja bagban Şasenemiň goýnuna,
										Girsem, öldürerler, girmesem ölem.