Azaşyp çykdym bu çölge, men Garybym agtaryp,
Şum nesibäm ne belalarga giriftar eýledi.
Zagpyran dek sargaryp men, bir hudaga ýalbaryp,
Şum nesibäm ne belalarga giriftar eýledi.
Men özüm şah duhtariýem, özümi har eýledim,
Gije-gündiz subhy-şam ukyny tar-mar eýledim,
«Ýar-ýar» diýip, dagy synamda efkar eýledim,
Şum nesibäm ne belalarga giriftar eýledi.
Her sabalar seýr ederdim bagda Gülnahal bilen,
Gije-gündiz ýol ýördum aç hem-de suwsyz çöl bilen,
Eý hudaýa, neýleýin, doly başym kylu-kal bilen,
Şum nesibäm ne belalarga giriftar eýledi,
Diýarbekir şährinde galdy atam birle enem,
Tebibim häzir tanylmaz, ýüregimde derdi-gam,
Şadüzüň meýdany içre zaryn ýyglar Şasenem,
Şum nesibäm ne belalarga giriftar eýledi.