Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ADY SONANYŇ

ADY SONANYŇ


Agalar, ýatyrdym, birje düýş gördüm,

Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.

Nägehandan ony görüp, iş gurdum,

Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.


Onuň bilen bir düşekde oturdym,

Aglaýa-aglaýa  daňym  atyrdym,

Men golumdan näzli ýarym ýitirdim,

Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.


Kaýdan geldigini bile bilmedim,

Şol dilberden habar alabilmedim,

Bagynyň gülünden ýolabilmedim,

Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.


Dilber bilen baga seýran etmedim,

Gol uzadyp, goşa naryn tutmadym,

Arman köpdür,  gije-gündiz ýatmadym,

Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.


Elbent aýdar, begler, sizden soraly,

Bilebilmen, ne ýerlerden garaly,

Söwdagär siz, ulkäňize baraly,

Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.