Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

YLAÝYM   GYZ

MYLAÝYM   GYZ


Owazyň arşa ulaşdy,

Mylaýym han gelsin  diýdi.

Seni soraşdy-yzlaşdy,

Mylaýym han gelsin  diýdi.


Seniň ýoluňa bakandyr,

Dagy-hijranyň çekendir,

Gözden ganly ýaş dökendir,

Mylaýym han gelsin diýdi.


Owazyň düşdi  illere,

Düşüp sen dilden-dillere,

Bar, dolan inçe billere,

Mylaýym han gelsin diýdi,


Misli enaryň özüdir,

Şekerden şirin sözüdir,

Esen weziriň gyzydyr,

Gyz Mylaýym gelsin diýdi.


Aşyk ýolundan dänmedi,

Dünýäge iki inmedi,

Eglenmegin Gülçemendi,

Mylaýym han gelsin diýdi.