AMANMY?
Müsüriň ýurdundan gelen janlarym,
Habar beriň, bizin iller amanmy?
Saýasyna gün düşmegen baglarym,
Täze ter açylgan güller amanmy?
Binasy bar, almasy bar, nary bar,
Men bilmedem, täleýimiň şory bar,
Her kimin özüne laýyk ýary bar,
Ýardan aýra düşen ýollar amanmy?
Hiç peýda tapmadym aşna-bilişden,
Ýaman horluk gördüm, dogan-gardaşdan,
Altysy ýazdandyr, altysy gyşdan,
On iki aýdan gelgen ýyllar amanmy?.
Bu dünýä diýeniň bir ajap jaýdyr,
Bagzylar patyşa, bagzy gedaýdyr,
Pany dünýä bir keriwan saraýdyr,
Patyşa atam, mähribanym amanmy?
Ganatym ýok gaýyp-gaýyp uçmaga,
Alajym bolmady çaýdan çykmaga,
Hemra aýdar, sermest bolup guçmaga,
Hüýrlukga jan, inçe biller amanmy?