Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

TABŞYRDYM SENI

TABŞYRDYM SENI


Heýleýin, janym, balam, owwal nigä gördüm seni,

Janym içre jan kibi jismimde jaý kyldym seni,

Näz birle perweriş eýläp, raha kyldym seni,

Bargyl, eý janym balam, allaga tabşyrdym seni.


Daşdan garaňy görsem, endam-janym gagyşlar,

Gijeler ýatabilmen, ýylan bagrymdan dişlär,

Hak aşyklar bir-birine şirin janyn bagyşlar,

Bargyl, eý janym balam, allaga tabşyrdym seni.


Sen gider sen baş alyp, eýläp meni mesti-harap,

Hasratynda bu ýüregim gan bolur, bagrym kebap,

Pyrkatyňdan imdi ýyglar men, ki ýokdur mende tap,

Bargyl, eý janym balam, allaga tabşyrdym seni.


Men ki Hurşydam, ajap ýok, ahy-efgan eýlesem,

Her zaman ýadyňda men çäki-giriban eýlesem,

Hiç pendim  almasaň, ger bagrymy, gan eýlesem,

Bargyl, eý janym balam, allaga tabşyrdym seni.