Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ARZUW  EÝLÄR GURBANY MEN REHM  ETMEZMIŇ HALYMA?(MELLEK)
AŇSA OWADAN  GELIN ILLERDE
AÝ   INDI PYÝALA ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA
GEDASYDYR NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ ÝADYMA   DÜŞDY
GÖZÜŇ BILEN NER GEZGIN ÝAR,  SAŇA
GÖZELIM NÄZLI  ÝAR ZARY BILEN
GITMELI   BOLDUM ŞIRMAÝY  DARAK

AŇSA


Hindiniň awçysy çyksa  şikäre,

Özge aw islemez, pil sesin aňsa;

Otag ören  bolsa  bilbili-zara,

Otaga ot salar, «gül» sesin  aňsa.


Jereniň balasyn baksaň,  bejerseň,

Suw ýerine şeker-şerbetler berseň,

Höregne gül berip, bir güni görseň,

Watandan el götär, «çöl» sesin aňsa.


Harsydünýä söýer teňňäni, maly,

Bir gün bitap bolup, gitse mejaly,

Dönüp-deprenmäge bolmasa haly,  

Galar garysyna, «pul» sesin aňsa.


Nepes, sen sözleseň ulus-illerde,

Bilbil şeýda bolar täze güllerde,

Asal ezgil dahan içre tillerde,

Ary hüjüm eýlär, «bal» sesiýa aňsa.