Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ARZUW  EÝLÄR GURBANY MEN REHM  ETMEZMIŇ HALYMA?(MELLEK)
AŇSA OWADAN  GELIN ILLERDE
AÝ   INDI PYÝALA ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA
GEDASYDYR NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ ÝADYMA   DÜŞDY
GÖZÜŇ BILEN NER GEZGIN ÝAR,  SAŇA
GÖZELIM NÄZLI  ÝAR ZARY BILEN
GITMELI   BOLDUM ŞIRMAÝY  DARAK

GÖZELIM     


Gözelleriň içinde belli mestan gözelim, 

Ýandym, köýdüm yşkyňda, örtendi jan, gözelim,

On tördi gijäň aýy, mahy-taban, gözelim.

Gördüm gül dek jemalyň, aklym haýran, gözelim.

Görmegenler köýünde tartar arman, gözelim.


Gyzlar bilen baglarga kylsaň seýran, gözelim.

Serwi saňa salam biýr, baksaň her ýan gözelim.

Ýalançyny ýandyr sen oşol zaman, gözelim.

Gözelleriň patyşahy, şahy-jahan, gözelim.

Mydam seniň yşkyňda men sergezdan, gözelim.


Perilerge baş bolup, seýilgähe çykar sen,

Altyn kümüş, zberjet gül boýnuňa dakar sen,

Gaşa wesme, gözlere syýa sürme çeker sen,

Humaý kimin dalmanyp, çar tarapa  bakar sen,

Tawus guş dek daranyp, zülpüň ýüze döker sen,


Nerkes gözüň güldürip, galam gaşyň kakar sen,

Göz uç ilen gözleseň, Rustem-Zaly ýykar sen,

Nazar kylsaň bir sagat, dagy-daşy ýakar sen,

Adam diýrler suratyň, nurdan bolgan peýker sen,

Toty sözli, gül ýüzli, şekeristan, gözelim!


«Mim» mübärek ýüzleriň misli mahy-tabandyr,

Iki egri gaşlaryn görgen kişi haýrandyr,

«Lam-elip-la» gol bilen sallan, bäş gün döwrandyr.

«Bi» baharyň bostany goýnuň läle-reýhandyr,

Seniň, bilen bäs etgen niçik akmak zenandyr?


«Dal* dowamat hijriňde ýaşim  ahy-pygandyr,

Elif kaddym laş kylgan  hesret bilen hijrandyr,

Köýdüm, nun deý ham kylgan oşol gaşy kemandyr,

Bergil husnuň zekatyn, görküň ýüzde myhmandyr,

Nepes diýir, maralym, bagy-bostan, gözelim.