Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ASLYM  GELMEDI
ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

ASLYM  GELMEDI

Şanyň gyzy baga seýle çykypdyr,

Özge giden geldi, Aslym gelmedi.

Tel-tel eýläp meniň bagrym dilendir,

Başga gyzlar geldi, Aslym gelmedi.


Aşyk bolan gülgün şerapdan içer,

Magşuk bolan şirin janyndan geçer',

Köçelerden bölek-bölek gyz geçer,

Özge giden geldi, ýarym gelmedi.


Daglaryň başyny duman tutupdyr,

Üstümizden gaplaň basyp ötüpdir,

Meniň, ýarym ýat illere gidipdir,

Özge giden geldi, Aslym gelmedi.


Men bir okdum, dagdan-daşa atyldym,

Pelek bilen oýun gurdum, utuldym,

Şum bagtymdan Kerbelaga satyldym,

Özge giden geldi, Aslym gelmedi.


Söwdaň gitmez gul Keremniň başyndan,

Ölsemem aýrylman ýaryň gaşyndan,

Men aýryldym otuz iki dişimden,

Özge giden geldi, Aslym gelmedi.