Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÜLDÜRIB BILMEN
ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

GÜLDÜRIB BILMEN

Näzenin senemler, hata iş gördum,

Aglatdym ýarymy, güldüre bilmen.

Synasyn bal edip, gaýmak diledim,

Aglatdym ýarymy, güldüre bilmen.


Teklip edip, akyl-huşum ýitirdim,

Gonak  eýleýiban, göre geçirdim,

Jahyllyk ediban, bir söz gaçyrdym,

Aglatdym ýarymy, güldüre bilmen.


Geliban-gidiban, ýolda  duraýyn,

Gelenden-gidenden habar alaýyn,

Özüm eýlemişem, kimden göreýin,

Aglatdym ýarymy, güldüre bilmen.


Arzyrumyň dagy hiç garsyz olmaz,

Gyzyl gülüň, degresinde har olmaz,

Däde Kerem diýer, hiç ýarsyz olmaz,

Aglatdym ýarymy, güldüre bilmen,