Dilber, görgeç aldyň akly-huşumny,
												Düzülmiş ýüzünde hal iki ýandan,
												Seni  görüp  ýürek-bagrym  ezildi,
												Damar dodaklardan  bal iki ýandan.
												
												
												Bahar bolsa, şeýda bilbil mest bolar,
												Çyn aşyklar merhemetde dost bolar,
												Agaç bar getirse, başy pest bolar,
												Meniň yktyhanym hal iki ýandan.
												
												
												Ýar ikimiz keşt eýläli bu baga,
												Çek özüňni gözellerden yraga,
												Diýdi «Ýör gideli» seýle çarbaga,
												Deger ak gollara gül iki ýandan.
												
												
												Kerem diýer, ýar jebrini ýetirdi,
												Tygy-müjgänlerin jandan ötürdi,
												Görkezip jemalyn,  bizi gutardy,
												Garaçyn gaşlary göz iki ýandan.