Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

KEREM  GELDI


Gyzlar, geliň tomaşaýa,

Kerem  geldi, Kerem  geldi, 

Söwdügim bermenem şaga,    

Kerem  geldi,  Kerem geldi.


Astynda bar bedew aty,

Gözleri janym jellaty,

Han degildir, şadyr zaty,

Kerem geldi, Kerem geldi.


Gara  Melegiň  gyzyýam,

Şirin kebabyň duzyýam,

Tamam  gyzlaryň göziýem,

Kerem  geldi,  Kerem geldi.


Çagyraram  çaryýary,

Perýada ýetirsin  bary,

Asly hanyň söwer ýary,

Kerem  geldi,  Kerem  geldi.