Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÖZELIM
ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

GÖZELIM


Genji-Garabagdan söwdüm bir gözel,

Bal döküler dodagyndan tiline.

Leblerinden bir keleme söz aýtsa,

Bal döküler dodagyndan tiline.


Geýmegine ýaşyly bar, aly bar,

Emmek  üçin lebleriniň baly bar,

Her ýüzünde bir mugteber haly bar,

Haly deger çar köşäniň malyna.


Arz edeýin, meniň ýarym nijedir,

ýüzi gül dek, bili gyldan inçedir,

Ak synada mämeleri gunçadyr,

Deger gunça müň jennetiň bagyna.


Galam bilen çekilipdir gaşlary,

Hünji-sadap düzülipdir dişleri,

Her tarapdan dokuz örüm saçlary,

Ýuwaş-ýuwaş deger ýaryň biline,


Men Mahmytdym, Kerem goýdum  adyma,

Bu watanda kişi bilmez dadymy,

Bir garrydan habar  aldym ýarymy,

Diýdi; «Aslyň gitdi Baýat iline».