Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

KÖR ATA


Arzyruma çykdym ýol iki boldy,

Men şu ýoluň haýsy birine baraýyn?

Akyp gözüm ýaşy, sil kimin boldy,

Men şu ýoluň haýsy birine baraýyn?


Asly han gädikden ýolun salypdyr,

Saralyban gül dek reňňi solupdyr,

Ýüz tümeni belet menden alypdyr,

Men şu ýoluň haýsy birine baraýyn?


Duman gelip gopdy, çaýly billere,

Gözümden ýaş akyp, döndp sillere,

Ahyrymda düşdüm garyp illere,

Men şu ýoluň haýsy birine baraýyn?


Bir gül idim, Zyýat şanyň bagynda,

Açylardym hem solunda, sagynda,

Kerem  galdy  Arzyrumyň dagynda,

Men şu ýoluň haýsy birina baraýyn?,