Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SARYGÜL
ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

SARYGÜL


Seýl ediban gelen bir bölek gyzdyr.

Içinde bir gyz, bar ady Sarygül.

El uzadyp, gunça gülün düýrmäge,

Gorkym budur, jogap bersin Sarygul!


Gözeller içinde belli gözel sen,

Gören aşyklaryn bagryn ezer sen,

Sanyl olup, ülke-ülke gezer sen,

Ala gözli, gunça dahan Sarygül!


Eline ýaraşar mynasyp gaşlar,

Biline dökülmiş hurmaýy saçlar,

Gözleri garadyr hüwjüdir dişler,

Ala gözli, inçe billi Sarygül!


Bahar olup çaýlar sili bulanar,

Aşyk bolan magşugyna çolanar,

Däde Kerem, şol ýar üçin elener,

Ala gözli, inçe billi Sarygül!