Gel, köňlüm, gideli Häzirbejana,
Gülşen baglarynyň bary bar bary,
Köňlüm istär Häzirbejan ilini,
Mugan daglarynyň gary bar gary.
Sargaryban gyzyl meňzim solupdyr,
Her bir günüm meniň müň ýyl bolupdyr,
Diýdiler «söwdügiň dilgir bolupdyr»,
Meger bizden gaýry ýary bar-ýary.
Garlar erimeýdir, ala daglarda,
Bilbiller saýraşar, soly-saglarda,
Saýasyna gün düşmeýen baglarda,
Anda bilbilleriň zary bar-zary.
Ajyglanyp çekdiň ýüze perdäni,
Ilahyndan hup çekilmiş gerdany,
Aşyk Hemra çagyr şahy merdany,
Onda bir ogly bilen järi bar-järn,