Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DÜŞMÜŞ

DÜŞMÜŞ


Agalar, bir peri gördüm,

Saçy aýagyna düşmüş;

Dakynypdyr heýkel, gumar,

Herdem gujagyna düşmüş.


Gollary çykmaz  hynadan,

Parh edip bolmaz sonadan,

Aýrylyp  ata-eneden,

Jennetiň bagyna  düşmüş.


Bu baglaryň gül-lälesi,

Çöl-deştleriň gandalasy,

Perhatnyň ahy-nalasy,

Şirinin, dagyna düşmüş.


Ol perini gören çagda,

Läleler açylar bagda,

Uzyn boýly, giň gujakda,

Höwesim agyna düşmüş.


Ýalňyz başym galdy derde,

Akyl-huş galmady serde, 

Myhman bolman özge ýerde,

Ýaryň otagyna düşmüş.


Könül her dem gaýnap joşmaz,

Yşkyň oduna  tutaşmaz,

Hemra özge ýerde düşmez,

Ýaryň  gujagyna  düşmüş.


Gollary çykmaz  hynadan,

Parh edip bolmaz sonadan,

Aýrylyp  ata-eneden,

Jennetiň bagyna  düşmüş.


Bu baglaryň gül-lälesi,

Çöl-deştleriň gandalasy,

Perhatnyň ahy-nalasy,

Şirinin, dagyna düşmüş.


Ol perini gören çagda,

Läleler açylar bagda,

Uzyn boýly, giň gujakda,

Höwesim agyna düşmüş.


Ýalňyz başym galdy derde,

Akyl-huş galmady serde, 

Myhman bolman özge ýerde,

Ýaryň otagyna düşmüş.


Könül her dem gaýnap joşmaz,

Yşkyň oduna  tutaşmaz,

Hemra özge ýerde düşmez,

Ýaryň  gujagyna  düşmüş.