Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HAN DÄDEM

HAN DÄDEM


Arz eýlärem, Mämmetsöýün serdarym,

Eltme meni han dädemiň ýanyna;

Sen-sen meniň howandarym, hosdarym,

Eltme meni han dädemiň ýanyna!


Şalaryň ýanynda tutulsyn sözuň,

Dünýäde ýamanlyk görmesin gözüň,

Sen meniň atam bol, men seniň gyzyň,

Eltme meni han dädemiň ýanyna!


At aldyna düşüp gitmes piýada,

Günbe-günden derdim artar zyýada,

Gül meňzim solduryp, goýma uýada,

Eltme meni  han dädemiň ýanyna!


Özüň öldür, berme meni zalyma,

Rehm eýlegil meniň garyp halyma,

Atam galar meniň nähak ganyma,

Eltme meni han dädemiň ýanyna!


Saýat han diýr, çykdym çarbaga seýle,

Ugradym bir derde, belaga beýle,

Ozalda kysmatym, takdyrym şeýle,

Eltme meni  han dädemiň ýanyna!