Küýzesine suw dolduryp gelen gyz,
Mämeli gyz, biziň bilen bir danyş.
Aşygyn öldürip, janym alan gyz.
Mämeli gyz, biziň bilei bir danyş.
Sallana-sallana gider sen daşa,
Iki mämäň bir-birine bakyşa.
Gözüm düşdi aýagynda nakyşa,
Mämeli gyz, biziň bilen bir danyş,
Gurban olam bilindäkn guşaga.
Baş bolup sen bir bölejik uşaga,
Bizi görüp, ýüzüň saldyň aşaga,
Mämeli gyz, biziň bilen bir danyş.
Gurban olam ak ýüzüňde halyna,
Umydym bar lebindäki balyňa,
Mis küýzäni göterip sen dalyňa,
Mämeli gyz, bizin bile bir dainş.
Ajal gelse, bakmaz gyza, juwana,
Seniň yşkyň etdi däli-diwana.
Goja Ahmedi sen getirdiň amana,
Mämeli gyz, biziň bile bir daniş.