Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝAR GYRMYZY GEÝNIPDIR

ÝAR GYRMYZY GEÝNIPDIR


Äý  ýaranlar,  musulmanlar,

Ýar gyrmyzy geýinipdir;

Ýaýylypdyr ak ýüzünde,

Tar gyrmyzy geýinipdir.


Gurban  olam  galam  gaşa,

Ýar jygasyn  sanjar  başa,

Synasynda   goşa-goşa,

Nar  gyrmyzy  geýinipdir.


Bakyşyňyz jeren kibi,

Reftaryňiz maral kibi,       

Iki zülpi şamar kibi,

Mar gyrmyzy  geýinipdir.


Ýarym geler güle-güle,

Gülüşi meňzär bilbile,

Niçe gözel gyzlar  bile,

Bar gyrmyzy geýinipdir.


Gel Saýat, gidäli baga,

Ýarym, bak synamda daga,

Hemranyň janyn almaga,

Ýar gyrmyzy geýinipdir.