Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÖRÜNMEZ

GÖRÜNMEZ


Algyr laçyn, aç garyçgaý bakyşlym,

Kanda meniň gara gözlim görünmez;

Şirin janym yşk oduna ýakyşlym,

Kanda meniň gara gözlim görünmez.


Al howadan uçan laçyn meýnalym,

Awuny aldyran tuýgun synalym,

On barmagy bogun-bogun hynalym,

Nirde menin söwer ýarym görünmez.


Oturanda zülpün ýere degdiren,

Turanda gulpagyn bilige oran,

Özi boz balaman dalmynyp duran,

Kanda meniň şirin tillim görünmez.


Hemrahynyň şaperisi gaçanda,

Daşyň rehimi  gelmez  ýaşyn  saçanda,

Perim «lepbeýik» diýip, agzyn açanda,

Nirde meniň söwer ýarym görünmez,