Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIGANA ÝAGŞY ISLEMEN  SENI ŞAÝLY  BOLMASA
DERT GALAR JANYMYŇ  JANANASY ÝAGŞYDYR
DIÝMEK  BILÄNI KÖZ  BILÄNI ÝALANDADYR
GUÇAN  ÝERLERI LEÝLI  GEREKDIR ÝAR SENDEN
HARAÝYM DÖNDI ÖZGE  DEM  BOLMAZ

BIGANA ÝAGŞY


Oturşy bir, köňli aýry gardaşdan,

Şirin mylakatly bigana ýagşy;

Ýüz, müň minnet bilen berilen aşdan,

Iýseň, tagam ýakmaz dahana ýagşy.


Köňül bir guş, kyn uçmasy, busan soň,

Käýiş artar, gussa sary basansoň,

Diýdigiň bolmansoň, yşkyň tesen soň,

Sözleseň, söz gelmez zybana ýagşy.


Talygyň şor bolsa, döwlet ýörmese,

Ykbal oýanmasa, bagtyň turmasa,

Paýmyzy her kime taňry bermese,

Ýolmek, ýortmak bilen her ýana ýagşy.


Atsaň nyşana deger okuň dogrusy,

Bir menzile ýetmez ýüküň egrisi,

Basym sandan çykar oba ogrusy

Ýigit sada gerek, türkana ýagşy.


Aslyna ýet, söz manysyn sora-da,

Çykmak müşgil, peýkam galsa ýarada,

Akyl uruş etmez «aw» diýp arada,

Uruş etmek ýa bir nadana ýagşy.


Bileniň ýagşylyk ýadyňdan gitmez,

Dost-dostdan ýamanlyk görse unutmaz, 

Bolandan soň, ejizlikden iş bitmez,

Bolmaklyk her işe merdana ýagşy.


Zelili diýr, gezgin ölinçän. Serhoş,

Gizle syryň, her namarda etme paş,

Eger elden geler-gelmez her bir iş,

Abaýu-syýasat duşmana ýagşy.