Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIGANA ÝAGŞY ISLEMEN  SENI ŞAÝLY  BOLMASA
DERT GALAR JANYMYŇ  JANANASY ÝAGŞYDYR
DIÝMEK  BILÄNI KÖZ  BILÄNI ÝALANDADYR
GUÇAN  ÝERLERI LEÝLI  GEREKDIR ÝAR SENDEN
HARAÝYM DÖNDI ÖZGE  DEM  BOLMAZ

DIÝMEK  BILÄNI


Namarda syr berme, «syr saklar» diýip,

Namart syr saklamaz diýmek biläni!

Biakyla akyl berseň, kär etmez ,

Ezip, gursagyna guýmak biläni.


Keýpi açylar, duşman görende mertler,

Pikir basar, gaýga gider namartlar,

Gurt bilen deňlemez özüni itler,

Öz ýanyndan artyk saýmak biläni.


Men dieýin, sen gulak goý, byradar,

Tükenmez, synamda bir niçe söz bar,

Owal garyp bolup, soňra baýan är,

Iýmez, geýmez soň baýamak  biläni.


Zelili, sözuňi uzatma,  besdir,

Hak biler syryňy, ýalandyr rasdyr,

Eblehe köp öwüt bermek hebesdir,

Birin tutmaz gulak goýmak biläni.