|  | 
							
								| 
 
										
 Barça günäniň enesi, Gybat bilen ýalandadyr, Ili aldamak -tenesi  Az berip, köp alandadyr. 
 Men-menlikde gezer .käsi  Günbe-günden bolar asy. Agyz  içiniň yzasy  «Gah-gah»  edip  gülendedir. 
 Ýygjak bolup dünýä-zeri, Garyplara derdeseri, Zat diýp çapar baýy-piri, Gözi gumdan dolandadyr. 
 Ne pakyry, ne daýhany, Ölüm bilmez begu-hany, Bir wagt çekerler  puşmany, Haly zebun bolandadyr. 
 Zelili aýdar, bu haly, Kimse egsik, kimse doly, Eziz ömrüň zowaly, Eltip göre salandadyr. |  |  |