Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIGANA ÝAGŞY ISLEMEN  SENI ŞAÝLY  BOLMASA
DERT GALAR JANYMYŇ  JANANASY ÝAGŞYDYR
DIÝMEK  BILÄNI KÖZ  BILÄNI ÝALANDADYR
GUÇAN  ÝERLERI LEÝLI  GEREKDIR ÝAR SENDEN
HARAÝYM DÖNDI ÖZGE  DEM  BOLMAZ

ÝAR SENDEN


Ýaňaklary läläm, pisse dahanym,

Men döner men, köňlüm dönmiez, ýar, senden!

Roýy gül-benewşäm, toty suhanym,

Men döner men, köňlüm dönmez, ýar, senden.


Perhat «Şirin» diýip, munça gezendir,

Mejnun, Leýli sütemine dözendir,

Diýmegil: «Ýar menden eliň üzendir»,

Men döner men, köňlüm dönmez, ýar senden.


Bu ýalan jahanda sen-sen daýanjym,

Göwherim, hazynam, magdanym, genjim,

Maksadym, myradym, köňül güýmenjim,

Men döner men, köňlüm dönmez, ýar, senden.


Zelili diýr, meniň Döndi hanym sen,

Jesedim içinde şirin janym sen,

Gyýmazym, dözmezim,  mähribanym  sen,

Men döner men, köňlüm denmez,  ýar, senden.