Könlüň şikes bolup, raýyň öwrülse,
Yşkyň gaýra teser, içde dert galar,
Ýowuz ýerde ganym ýüzbe-ýuz gelse,
Yzyn dönmez, namart gaçar, mert galar.
Duman gitmez belent dagyň başyndan,
Hiç kim datmaz bahyllaryň aşyndan,
Beg iline gazap etse daşyndan
Döze bilmez, göçer gider, ýurt galar.
Agsak «gal» diýende, gala bilmese,
Kör ses nirdedigin bile bilmese,
Aşyk magşugyny ala bilmese,
Ýüreginde mydam ýanar ot galar.
Nesihat almaza berme nesihat,
Her kim yhlas bile diňlese öwüt,
Näkesden pis görme, ýamandan-bedgat,
Ýagşylardan halka ýagşy at galar.
Zelili diýr, her ,söz ,geler zybana,
Ygtybar ýok jeset içre şu janda,
Gelen geçer bu ýalançy jahana,
Ýagşgy-ýaman, türkmen ne-de kürt galar.