Ganymat bil saglyk bilen gezeniň,
										Dem şu demdir, biliň özge dem bolmaz|.
										Bikärdir ýaltanyp, ýaman ýöreniň,
										Bu bir hassalykdyr, asla em bolmaz.
										
										
										Bir niçeler gezer mele don geýip.
										Örtener nebsiniň oduna köýüp, 
										Magtanarlar  ile «sopy  men» diýip,
										Emma weli gözlerinde nem bolmaz.
										
										
										Hergiz Köňül bermäň ýalan pirlere,
										Magtanyp; keramat satsa sizliere,  
										Dilenip gezerler, hordur gözlere,  
										Şeýtanyň şägirdi hergiz kem bolmaz.
										
										
										Zelili,  sözlegin  herne  bileniň,
										Tilinde olmasyn gybat-ýalanyň, 
										Uly iliň adyna aşyk bolanyň,
										Dünýä uçin  ýüreginde gam bolmaz.