Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KAÝDADYR?

KAÝDADYR?


Ylym atam, şirin tilli ussadym,

Habar  bergil, söwer ýarym  kaýdadyr?

Arşdan aşdy meniň nala-perýadym,

Şu çekdigim  ahy-zarym  kaýdadyr?


Jan alar gamzasy, näzik şiwesi.

Ýany bar getirmiş alma, heýwesi,

Dilaram bagynyň dürli  miwesi,

Eňňurym, injirim, narym kaýdadyr?..


Aşyk olam jan biýr magşuk ýerine,

Ne külpetler gelmiş Mejnun serine,

Dersimiz ýetişdi Gül depderine,

Täze ter bakjaly barym kaýdadyr?


Şu müşgil işlerim, gel, küşat eýle,

Senden galsyn bu, bir ýagşy at eýle,

Ýa-da öldür meni, ýa azat eýle,

Ýa habar ber: zülpi tarym kaýdadyr?


Terk eýläp yşkyda bu täji-tahtym,

Men çykmyşam baglap esbaby-rahtyn.

Şat gezsem açylgaý bu gara bahtym,

Men  bilmenem  namys-arym  kaýdadyr?


Aşyklaryň  budur ýoly-ýodasy,

Ýar ýolunda jan bermekdir kadasy,

Perizat ählinii asylzadasy,

Laglu-göwher, zer nigärim  kaýdadyr?


Ustadym, aýryldym başda tilimden,

Aýralyk ajydyr, belki, ölümden,

Men Bilbilem, aýra düşdüm Gülümden,

Derdim bilen gamgüsarym kaýdadyr?