Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AKJAGÜL BÜRGÜTLERI GYZ GELÝÄR PEŞDEN AÝRYLSA
AMANMY DAGLAR HAL  IKI ÝANDAN PERIZAT
APAT DAGLAR KEÝIK HAN SAÇLY  GYZLAR
ARAŇYZDA DÖNEÝIN KÖŇLÜM  ŞONY ŞAGLAP  INER
AŞY  BOLMASA DÖZMENEM KIM BILER SAÝLAP ÖÝLENER
AÝJEMAL DÜŞDI MAGRUPLYKDA BELLIDIR SÖWDUGIM
AÝNA ENÄNI  GÖRDÜM MARALYM-A SUWA GELEDIR
AÝNAM MUNDAN EÝ DAL NE  PEÝDA TAPYLAR
AÝNAM  SENDEN  AÝRYLDYM GARA GÖZ NÄBILSIN ÝAGMA BULUT
BEGLER GALAR   BOLDUM AÝNAM  HOW OGULMEŇLI ÝAŞYLBAŞ
BOLMAGYN GELIN OÝANMAZ ÝARYMDAN  BIBI
BIR GELIN GÖZLERIŇ ÇOH  DERDE GOÝAN ÝARYM ZÜLPÜŇ SENIŇ

AKJAGÜL


Köp jepalar  çekdim seniň ugrunda,

Bagda bilbil pygan çeker Akjagül;

Aşyk bolan magşugyna gowuşar,

Gülde bilbil arzuw çeker, Akjagül.


Toty guşa meňzär seniň sözleriň,

Jan algyçdyr jellat gara gözleriň, ,

Gyşyň ötüp, galdy bahar-ýazlaryň,

Görmedikler arman çeker, Akjagül.


Niçe aşyk geçdi  birisi sen-sen,

 Ajap sahypjemal türpe jenan sen,

Indi seniň göwnüň maňa ynansyn,

Gumda gulan, çölde jeren, Akjagül.


Durdy şahyr diýrler meniň adyma,

Garrygala, Çendir diýrler ýurduma,

Dostlar, şypa tapyň meniň derdime,

Suwda sülük, çölde jeren, Akjagül.