Syrdaşym misli Senem jan, goýdy ol gam dagyda,
Däli men, diwana men, ýar isteýir köňlüm şony,
Maksadym berse hudaýym bu ýigitlik Çagyda,
Däli men, diwana men, ýar isteýir köňlüm şony.
Bizni birlen ol peri çyn ähdi-peýman eýledi,
Ýar-ýar diýip ýatmadym men ýüregim gan eýledi,
«Bu öter bäş gün ýalançy» diýdi bir gün söýledi,
Pany dünýä yşkyda, bizden ozalky neýledi,
Däli men, diwana men, ýar isteýir köňlüm şony.
Gül ýüzün görsem-otursam, işiginde gul bolup,
Elmydam yşkynda köýsem, ojagynda kül bolup,
Sallanyp seýle çykardy, sypanyp gülgün bolup,
Gül darahtyň pudagynda saýrasam bilbil bolup,
Däli men, diwana men, ýar isteýir köňlüm şony.
Müň kereşme näz bilen janymny aldy bilmedim,
Gije-gündiz zary-girýan agladym, hiç gülmedim,
Derdime derman tapylmaz, gamda galdym, ölmedim,
Yşk bazarnyň içinde özge birlen bolmadym,
Däli men, diwana men, ýar isteýir könlüm şony.
Eý, byradar, ol peri, diýsem gözeller hüýrüdir,
Hökmi berlen, hup ýaratmyş ol hudanyň nurudyr,
Goýnyda bitmiş meger, bagy-eremniň narydyr,
Döwletmämmet ol Azyz atlyg periniň zarydyr,
Däli men, diwana men, ýar isteýir köňlüm şony.