Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AKJAGÜL BÜRGÜTLERI GYZ GELÝÄR PEŞDEN AÝRYLSA
AMANMY DAGLAR HAL  IKI ÝANDAN PERIZAT
APAT DAGLAR KEÝIK HAN SAÇLY  GYZLAR
ARAŇYZDA DÖNEÝIN KÖŇLÜM  ŞONY ŞAGLAP  INER
AŞY  BOLMASA DÖZMENEM KIM BILER SAÝLAP ÖÝLENER
AÝJEMAL DÜŞDI MAGRUPLYKDA BELLIDIR SÖWDUGIM
AÝNA ENÄNI  GÖRDÜM MARALYM-A SUWA GELEDIR
AÝNAM MUNDAN EÝ DAL NE  PEÝDA TAPYLAR
AÝNAM  SENDEN  AÝRYLDYM GARA GÖZ NÄBILSIN ÝAGMA BULUT
BEGLER GALAR   BOLDUM AÝNAM  HOW OGULMEŇLI ÝAŞYLBAŞ
BOLMAGYN GELIN OÝANMAZ ÝARYMDAN  BIBI
BIR GELIN GÖZLERIŇ ÇOH  DERDE GOÝAN ÝARYM ZÜLPÜŇ SENIŇ

ÝARYMDAN  BIBI


ýüregim ham bolup, takat tutmaýar,

Ne jogap getirdiň ýarymdan, Bibi?

Zar aglar men, gözden ýaşym gitmeýär,

Ne jogap getirdiň ýarymdan, Bibi?


Men bilmenem yşk oduna köýen kim?

Pany dünýäň wepasy ýok, doýan kim?

Aşyk-magşuk gujagynda goýan kim,

Ne jogap getirdiň ýarymdan, Bibi?


Galam kimin gyýylandyr garadan,

Sorap tapabilmen handan-töreden,

Azyz diýrler ähti-peýman söz eden,

Ne jogap getirdiň ýarymdan, Bibi?


Şirin janym derde ýanyp, ot bolup,

Sona bizden aýra duşdi ýat bolup,

Gam basanda, gamgyn köňlüm şat bolup,

Ne jogap getirdiň ýarymdan, Bibi?


Diýer Döwletmämmet, duman serdedir,

Ýar ýüzünde altyn-kümüş perdedir,

Owazyn eşitmen, bilmen nirdedir,

Ne jogap getirdiň ýarymdan, Bibi?