Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AKJAGÜL BÜRGÜTLERI GYZ GELÝÄR PEŞDEN AÝRYLSA
AMANMY DAGLAR HAL  IKI ÝANDAN PERIZAT
APAT DAGLAR KEÝIK HAN SAÇLY  GYZLAR
ARAŇYZDA DÖNEÝIN KÖŇLÜM  ŞONY ŞAGLAP  INER
AŞY  BOLMASA DÖZMENEM KIM BILER SAÝLAP ÖÝLENER
AÝJEMAL DÜŞDI MAGRUPLYKDA BELLIDIR SÖWDUGIM
AÝNA ENÄNI  GÖRDÜM MARALYM-A SUWA GELEDIR
AÝNAM MUNDAN EÝ DAL NE  PEÝDA TAPYLAR
AÝNAM  SENDEN  AÝRYLDYM GARA GÖZ NÄBILSIN ÝAGMA BULUT
BEGLER GALAR   BOLDUM AÝNAM  HOW OGULMEŇLI ÝAŞYLBAŞ
BOLMAGYN GELIN OÝANMAZ ÝARYMDAN  BIBI
BIR GELIN GÖZLERIŇ ÇOH  DERDE GOÝAN ÝARYM ZÜLPÜŇ SENIŇ

BOLMAGYN


Ger başyň asmana ýetse,

Peşeden uly bolmagyn;

Bir sydyrgyn günün ýetse,

Hannasyn ýeli bolmagyn.


Deň bolup pakyra, baýa,

Ömrüň ötürmegin zaýa,

Gulluk eýlegin hudaýa,

Bendäniň guly bolmagyn.


Il içinde ötse sözüň,

Gysganmagyn nan-u-duzuň,

Şol dem ýumulsa-da gözüň,

Süýthoruň puly bolmagyn.


Saklagyn namys-gaýratyň,

Beslegin ýaragyň-atyň,

Ýagşy tutawer niýetiň,

Şeýtanyň päli bolmagyn.


Şahyr Baýly, al nesihat,

Ahyry jaýyňdyr lahat,  

Dünýäni eýleme gahat,

Garybyň duly bolmagyn.