Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AKJAGÜL BÜRGÜTLERI GYZ GELÝÄR PEŞDEN AÝRYLSA
AMANMY DAGLAR HAL  IKI ÝANDAN PERIZAT
APAT DAGLAR KEÝIK HAN SAÇLY  GYZLAR
ARAŇYZDA DÖNEÝIN KÖŇLÜM  ŞONY ŞAGLAP  INER
AŞY  BOLMASA DÖZMENEM KIM BILER SAÝLAP ÖÝLENER
AÝJEMAL DÜŞDI MAGRUPLYKDA BELLIDIR SÖWDUGIM
AÝNA ENÄNI  GÖRDÜM MARALYM-A SUWA GELEDIR
AÝNAM MUNDAN EÝ DAL NE  PEÝDA TAPYLAR
AÝNAM  SENDEN  AÝRYLDYM GARA GÖZ NÄBILSIN ÝAGMA BULUT
BEGLER GALAR   BOLDUM AÝNAM  HOW OGULMEŇLI ÝAŞYLBAŞ
BOLMAGYN GELIN OÝANMAZ ÝARYMDAN  BIBI
BIR GELIN GÖZLERIŇ ÇOH  DERDE GOÝAN ÝARYM ZÜLPÜŇ SENIŇ

OGULMEŇLI


Gapyl ýdim indi ynan sözüme,

Janym paýandazdyr, jan Ogulmeňli!

Üç günden mes bolup, geldim özüme,

Gala bilmen bagrym gan, Ogulmeňli!


Ol gara gözlere çekip surmäni,

Bu hassa halymyň sen-sen dermany,

Goýnuňa gireniň ýokdur armany,

Tä başdan aýagyň ak, Ogulmeňli!


Sözle-sözle dostum nije dahanda,

Mekge, Medinede, Rum, YspyHanda,

Ogulmeňli atly kändir jahanda,

Bir senden özgesi san, Ogulmeňli!


Niçeler ah çeker, niçeler perýat,

Niçeler yzynda dat ile bidat,

Yklymda görmedim. sendeý perizat,

Gyzlaryň  serdary han  Ogulmeňli!


Misgini diýer, seniň arzuwyň çeker,

Kirpigiň  neşderdir,  ganymy döker,.

Elli gyz hyzmatkär, elli bäş nöker,

Ýüz bäşe taý geler han Ogulmeňli!