Men aşygyň owaldan, sen söýgüli dildarym,
Salsaň gulak aýdar men, halymny beýan, ýarym,
On barmagyň gyrmyzy, ganymga boýan, ýarym,
Bag içre Ýusup geldi, almazmyň hyrydarym,
Men ejizi-biçäräň çoh derde goýan, ýarym.
Men ýarymny terk eýläp, bir ýara göwün bermen,
Ýar waspyny söýlärge, ýüz dürli suhanwer men,
Ýar işigne men bargaç, perwana, galandar men,
Aşyk gelip oturmyş, gaflatdan oýan diýr men,
Bigana kylyp bizni, özgäni söýen ýarym.
Ýüzümni tutup ýyglap, müň näz bilen ýalbardym,
Heý barmy seniň ýaly, biganaga dil berdiň,
Seýliňde çemen baglap, rakyplara gül berdiň,
Köp pitnäni oýgatdyň, duşmanlara dil berdiň,
Heý barmy seniň ýaly, çoh derde goýan, ýarym?
Men aşygy-zaryň men, sen özge güman etme,
Duşmanlaryň tagn eýläp, dostuňa ýaman etme,
Gamzaň gylyjyn çalyp, bagrym doly gan etme,
Dilber, meni köýdürip, ryswaýy-jahan etme.
Pynhan syrym äşgäre illerge aýan ýarym,
Näzlim ki, gadam tozuň du çeşmime sürt indi,
Eliňde ýürek bagym, sen özüňe dart indi,
Gan eýdi jiger-bagrym, gel, göwsümni ýyrt indi,
Ýar-ýar diýip ugruňda, ýagmyr ýanyp örtendi,
Men ejizi-biçäräň çoh derde goýan, ýarym.