Eý senem, görkane dilber, bizni çoh har eýleme,
Gal ýeriňden, uýkudan oýgan, başyňa döneýin.
Jan üçin janym pidadyr, zulm edip jebr eýleme,
Tur ýeriňden, ukudan oýgan, başyňa döneýin.
Men seni görgeç ýykyldym, tut golumdan ýary-ýar,
Adyna aşyk menem, yşkyňda goýma zary-zar,
Galmady sabry-kararym, bilmedim sende ne bar,
Men seniň hijriňde boldum gije-gündiz ahy-zar,
Tur ýeriňden, ukudan oýgan, başyňa döneýin.
Sen ýatyrsyň, men turup, ýanyňda dur men aglaýyp,
Müň sözümge bir jogap ýok, ýakma synam daglaýyp,
Goç, guzy gurban menem, öldür golumny baglaýyp,
Birniçeler ötdi mundan, geçdi wagtyn çaglaýyp,
Tur ýeriňden, ukudan oýgan, başyňa döneýin.
Ýaryna ýassyk bolarmyş zülpüniň bir dessesi,
Eý ýaranlar, bu nä boldy köne derdiň üstesi,
Aldy janym, nädeýin, gaýgy birle gussasy.
Döwletmämmet aýdyýar, ol periniň hassasy,
Gal ýeriňden, ukudan oýgan başyňa döneýin.