Kybladan   sallanyp   geldi   mestana,
											Aga  jan,  Arabyň gyzyn  bereýin.
											Jemalyn  görenler   boldy  diwana,  
											Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
											
											Aşyk ähli  onuň arzuwyn çeker,
											Lebi bal, gül çehre, dodagy şeker,
											Görki-gün,  şuglasy älemi  ýakar,
											Aga  jan, Arabyň gyzyn  bereýin.
											
											Aryp  bolsaň, habar  algyn sözünden,
											Bakdygyňça,   gözüň  doýmaz   gözünden,
											Aşyk  bolan bähre alar  ýüzünden,
											Aga jan, Arabyň gyzyn  bereýin.
											
											Dokuz  köýnegi  bar, göwsi düwmeli,
											Atasyny  görüp, gyzyn  öwmeli,
											Gözeller içinde saýlap söýmeli,
											Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
											
											Ýene döwran  geldi  biziň bu  baga,
											Ol Zylyha bolsa, sen Ýusup, aga,
											Biziň gözel ähli  şoňa sadaga,
											Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
											
											Görogly beg ar üstünde söweşer,
											Burma tar-tar saçy topugna düşer,
											Ýuka   dodaklary   balmydyr-şeker,
											Aga jan, Arabyň gyzyn  bereýin.