| Çopan aga, alyp geldiň bu taýa, | Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? | 
											
												| Ýalan sözläp, duşman bolma hudaýa, | Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? | 
											
												| . |  | 
											
												| Dost bolup, duşmanlyk etme arada, | Ýaşyň uzak bolsun, ömrüň zyýada. | 
											
												| Şu gije göterip gaçdyň pyýada, | Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? | 
											
												| . |  | 
											
												| «Tur Öwez» diýip, haýbat bilen öldürdiň, | Mertligiňi  Ýusup  şaga  bildirdiň, | 
											
												| Erk galanyň gapysyny syndyrdyň, | Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? | 
											
												| . |  | 
											
												| Çopan aga, meni aldyň-da gitdiň, | Görmedik, bilmedik jaýyma eltdiň, | 
											
												| Han Öwezi şu gün sergezdan etdiň, | Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? |