AÝAN   EÝLÄÝIN
										
										Gulak salgyn, Görogly beg, sözüme,
										Başdan  ötenlermi   beýan  eýläýin.
										Weýeňňamda,  Bulgur  gassap  ogluny,
										Öwez janyň sözün aýan eýläýin.
										
										Üç ýyl maňa ogul wadasyn berdi,
										Bir gün  bolsa bolmajagyn bildirdi,
										Şa hem gelip segsen gamçy urdurdy,
										Janyma tükenmez  azar eýläýin,
										
										Meger  ýaşy diýen  wagtynda  bolsa,
										Bihata mergendir, ýaý alsa gola,
										Mustapa  baş bolup, kyrk ýigit bile,
										Dowam  hyzmatyňda  mydar  eýläýin.
										
										Egnimde  jindeýi,   başd  kulany,
										Dilimden  goýmanam  zikri, senany,
										Hemdem  wezir, gezdim nije galany,