Ýolum düşdi Gürjüstanyň ilinden,
											Illeriň bar, biziň ile meňzemez.
											Seýran  etsem   bakjasynyň  gülünden,
											Gülleriň bar, biziň güle meňzemez,
											
											
											Gara lybas geýer, egni düwmeli,
											Gözelleri  biri-birinden öwmeli,
											Begleriň bar,  tarypyny diýmeli,
											Hanlaryň bar,  Öwez  hana  meňzemez.
											
											
											Bahar bolsa güllerini tirerler,
											Başlaryna  samry telpek  geýerler,
											Atlananda  «nida-nida» diýerler,
											Dilleriň bar, biziň dile meňzemez.
											
											
											Sähralary bardyr çöl  beýewanly,
											Gözelleri  bardyr ýasy dabanly,
											Çopanlary bardyr ýany gabanly,
											Mallaryň bar, biziň mala  menzemez.
											
											
											Höwes bilen  al şeraplar  içmeli,
											At oýnadyp, daşgyn çaýdan geçmeli,
											Görogly beg, inçe bilden guçmaly,