Bilmen oýalykda, bilmen düýşümde,
Pelende Gyratyň owazy geldi.
Ýaman günler bardyr meniň başymda,
Peleňde Gyratyň owazy geldi.
Peleň dagy on bäş günlük ýol bolar,
Arasynda menzili ýok, çöl bolar.
Indi meniň her bir günüm ýyl bolar.
Ýyglaýyp, gyratyň owazy geldi.
Söýünji hol gitdi şanyň iline,
Biz ýöräris Peleň dagyň ýoluna,
Öwez jan düşendir ganym goluna,
Peleňde Gyratyň owazy geldi,
Eý, Görogly, Gyratyňy ýat eýle,
Gyratsyz baglara barmagyn seýle,
Perişan kysmatym ýazyldy şeýle.
Ýyglaýyp, Gyratyň owazy geldi.