Patyşahym, sana arzym söýläýin,
Gel, meniň balamny azat eýlegil!
Seni ýaradana gurban bolaýyn,
Gel, meniň guzymny azat eýlegil!
Bahar wezir bilen eýlediň peýman,
Dönmegil ähtiňden, ger bolsa iman,
Aşyklar janynda goýmagyl arman,
Gel, meniň Tahyrym azat eýlegil!
Tahyr janyň bu gün on tört ýaşynda,
Sen sebäpli duşmanlary daşynda,
Ömür sürsün Zöhre janyň gaşynda,
Sen meniň Tahyrym azat eýlegil!
Bu gün oturmasyn atyň tozunda,
Akdyryp goýberme derýa ýüzünde,
Zöhre gyzyň jan biýr onuň yzynda,
Şa, meniň oglumny azat eýlegil!
Adalatly şada bir bolar ykrar,
«Şa men!» diýip, ähtiň bozmakda ne bar,
Ýazykly guluň men, boldum hyrydar,
Şa meniň oglumy azat eýlegil!
Dünýä bipaýandyr bolmaz paýany,
Ýudar bir lahzada hany soltany,
Hoşnut edip goýber Şahyhubany,
Şa, meniň guzymny azat eýlegil!