Gudrat bilen bina bolan ajdarha,
Bent eýleme perizadyň ýoluny.
Seni-meni halk eýlegen, bir alla,
Bent eýleme perizadyň ýoluny.
Ajdarha, sen näge melul bolar sen,
Haýbat bilen maňa nazar salar sen,
Gazap etsem, häli şu gün öler sen,
Bent eýleme perizadyň ýoluny.
Meni, sorsaň, Çandybilden gele men,
Bir ýar üçin çykdym alys ýola men,
Aslym aýtsam, Ady begiň ogly men,
Bent eýleme perizadyň ýoluny.
Meniň ýarym syýa zülpün örmeli,
Çandybilde bäş gün döwran sürmeli,
Görogly aýdar: ýar jemalyn görmeli,
Bent eýleme perizadyň ýoluny.