Seriňe döneýin, gül  ýüzli  jenan,
											Sen  aglama, seniň agaň  bolaýyn,
											Onuň üçin synalary kebabam,
											Sen  aglama, seniň agaň bolaýyn.
											
											Derýa kimin daşdym, syndym, nem  boldum,
											Sadranç oýnap, bir kempirden sem boldum,
											Ölüm hak buýrugy, namart men boldum,
											Sen aglama, seniň agaň bolaýyn.
											
											Nähak eken, seniň  agaň öldürdim,
											Ok atdym, öz gözüm ýaşdan doldurdym,
											Puşman edip, altyn gümmez saldyrdym,
											Sen aglama, seniň agaň bolaýyn.
											
											Görogly diýr, algyn meniň  janymy,
											Ýerge akdyrmagyn damja hunumy,
											Içgin käse-käse gyrmyz ganymy,
											Aýsoltan,  aglama,  agaň bolaýyň