|  | 
							
								| 
										ÝIGIDE 
											
												| Owal  başda  hudaýymdan, | Döwlet  gerekdir   ýigide, |  
												| Ýykylanda   goldamaga, | Medet gerekdir  ýigide. |  
												| . |  |  
												| Gala-gala  gezleşmäge, | Ner-bugra dek dyzlaşmaga, |  
												| Ar-namysy yzlaşmaga, | Dogan gerekdir ýigide. |  
												| . |  |  
												| Duwly zerefşan saçakly, | Işigi eýwan ojakly, |  
												| Uzyn boýly, giň gujakly, | Gözel gerekdir  ýigide. |  
												| . |  |  
												| Atyn jaýynda  baglaýan, | Kesip jigerin daglaýan, |  
												| Ölende zaryn aglaýan, | Naçar  gerekdir  ýigide. |  
												| . |  |  
												| Atdyr ýigidiň ýoldaşy, | Oguldyr döwletiň başy, |  
												| Gyz hem bolsa köňül hoşy, | Zürýat gerekdir  ýigide, |  
												| . |  |  
												| Goç ýigitler nesihatda, | Muhannesler  parahatda, |  
												| Görogly  beg,  ahyretde | Iman gerekdir  ýigide. |  |  |  |