Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIGANA ÝAGŞY ISLEMEN  SENI ŞAÝLY  BOLMASA
DERT GALAR JANYMYŇ  JANANASY ÝAGŞYDYR
DIÝMEK  BILÄNI KÖZ  BILÄNI ÝALANDADYR
GUÇAN  ÝERLERI LEÝLI  GEREKDIR ÝAR SENDEN
HARAÝYM DÖNDI ÖZGE  DEM  BOLMAZ

ÝAGŞYDYR


Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan,

Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr,

Goly giň, köňli dar çykymsyz handan,

Işiň düşse, mert galtaman ýagşydir.


Ýigidi ýok eder ýoksuzlyk dert hem,

Gaýratsyz ýigitden gowudyr  it hem,

Bigadyr gardaşdan gadyrly ýat hem,

Nadan dostdan dana duşman ýagşydy.


Bu dünýä maly diýp, geçmäň ýagşydan,

Ýyrak otur muhapbetsiz kişiden,

Betlagam ioldaşdan, ýaman goňşudan,

Ýowaşja aýrylyp, gaçan ýagşydyr.


Bir habar gelipdir aşyky-zardan,

Ýitidir neşterden, sowukdyr gardan,

Sölite hatyndan, betlagam ärden,

Eýesine yssy haýwan  ýagşydyr.


Zelili, bar zatdan ölümdir gaty,

Ölümden-de gaty kişi minneti,

Mollalar öwerler ol kyýamaty, 

Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr.