Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIGANA ÝAGŞY ISLEMEN  SENI ŞAÝLY  BOLMASA
DERT GALAR JANYMYŇ  JANANASY ÝAGŞYDYR
DIÝMEK  BILÄNI KÖZ  BILÄNI ÝALANDADYR
GUÇAN  ÝERLERI LEÝLI  GEREKDIR ÝAR SENDEN
HARAÝYM DÖNDI ÖZGE  DEM  BOLMAZ

ŞAÝLY  BOLMASA


Kemeler gymmaty, görnügi bolmaz,

Bedewiň guýrugy, ýaly bolmasa;

Hiç sana goşulmaz, bir göze ilmez,

Her ýigidiň golda, maly bolmasa.


Malsyz mertler köp hor eder başyny,

Myhman gelse, gaýra ýaщar ýaşyny,

Ede bilmez köňli halan işini,

Gurguly harjysy, puly bolmasa.


Pis eýýamdyr, kişi köňlün güýtmzler,

Tanalmasaň, gelip atyň tutmazlar,

Hudaý üçin saňa  hyzmat etmezler,

Donuň, gyzyl,  atyn şaýly bolmasa.


Dürüs däldir onuň ýüzüni görmek,

Hassa bolsa, baryp halyny sormak,

Dünýäde bet işdir zor bilen bermek,

Birewin-birewe meýli bolmasa.


Bu Zelili bildigini diýr öter,

Akly bolan gepiň aslyna ýeter,

Aňlanlar bu söze gulagyn tutar

Bir aňlamaz telbe-däli bolmasa.