Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BALSAÝAT

BALSAÝAT


Gel balam, istärler seni,

Istlegiň bagdadyr-bagda.

Herne bela  men dözeýin,

Istlegiň bagdadyr-bagda.


Garadyr Selbiniň gözi,

Görmäge Saýadyň ýüzi,

Mämmet han patyşaň gyzy,

Saýat han bagdadyr-bagda.


Söhbetiň bar sazlar bile,

Ördegi bar gazlar bile,

On üç, on dört gyzlar bile,

Saýat han  bagdadyr-bagda.


Ýar bagyna  girer bolsaň,

Gyzyl gülün tirer bolsaň,

Saýat hany görer bolsaň,

Saýat jan bagdadyr-bagda.


Gel, Ahmet, uýgul allaga,

Ýüzüň dönder kyblagähe,

Diýdiler: — gelsin — Hemraga,

Saýat han bagdadyr-bagda.